Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilat ýurt içindäki 'gatnaw kynçylyklarynyň beterleşmeginden' gaty nägile bolýar


Türkmen otlularyndaky 'adaty ýagdaý'
Türkmen otlularyndaky 'adaty ýagdaý'

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitleriň ýaşaýjylary ýiti ulag ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri hökümetçi saýtlaryň ýurt içinde ulag elýeterliliginiň artdyrylýandygy barada berýän habarlarynyň ‘dogry däldigini’, raýatlaryň halk üçin derwaýys ugurlara serişde goýberilmezliginden ‘gaty nägile bolýandyklaryny habar berýärler.

Ýakynda berlen habara görä, Aşgabatdan Türkmenbaşa we Awaza gidýän awtobuslaryň sany artdyryldy. Emma şu aralykda, Aşgabatdan Mara günde gatnaýan awtobuslaryň sany 3 bolanlygyndan 1-e çenli kemeldildi, maý aýyndan bäri Aşgabat-Türkmenabat awtobusy dolulygyna ýatyp galdy diýip, Azatlyga gelen habarda aýdylýar.

Demirgazyk sebitiň paýtagty, Daşoguz bilen Aşgabadyň arasynda indi on ýyldan gowrak wagtdan bäri awtobus gatnawy ýok diýip, çeşme aýtdy.

Soňky günlerde, Awaza dynç almaga gidýän raýatlaryň sanynyň artmagynyň fonunda, ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde dörän ýiti ulag ýetmezçiligi has beterleşdi.

Aşgabat-Mary aralygynda awtobuslar günde 3 gezek ýola çykýan wagtynda otlulara we uçara, bolmanda Marydan Aşgabada 5-10 gün öňünden bilet tapyp bolýardy, emma indi Marydan Aşgabada ne otla, ne awtobusa, ne-de uçara bilet tapyp bolýar.

Bilet korrupsiýasy 'görlüp-eşidilmedik derejelere' çykýar

"Öňler Maryda bilet Lebaba seredende ganymatdy, ýöne indi Mary welaýatynda hem Lebap welaýatyndaky ýaly ählumumy bilet gytçylygy emele geldi" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.


Mary welaýatynyň ýaşaýjylary Azatlyga Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň tomus aýlarynda ýolagçydan hyryn-dykyn dolýandygyny, bu ýagdaýy häkimiýetleriň görmezliginiň mümkin däldigini aýtdylar.

Emma ýaşaýjylaryň demir ýol administrasiýasyna ýüz tutup, şol otla goşmaça wagonlaryň goşulmagy barada edýän haýyşlary, näme üçindir, diňlenmeýär.

Mary wokzalyndaky çeşmäniň tassyklamagyna görä, Tagtabazar, şol sanda ýatyrylan Serhetabat, Ýolöten we Sakarçäge etraplarynyň ýaşaýjylary tomsuň başyndan bäri hat üsti bilen, dilden Aşgabatdaky, Marydaky resmilere ýüz tutup, Serhetabadyň 10 wagonly otly sostawynyň gür ilatly Mary sebiti üçin ýeterlik däldigini aýdyp, oňa hiç bolmasa ýene 5-6 wagonyň goşulmagyny haýyş edýärler.

Emma olara bu meseläniň Maryda çözülmeýändigi aýdylýar.

"Sostawlary Aşgabat düzýär, Aşgabatda býujet maliýe serişdelerini tygşytly ulanmak barada ýokardan buýruk bar, şonuň üçin olar ýolbeletlere, wagonlaryň tehniki üpjünçiligine goşamça pul çykarmazlyk üçin otlyň wagon sanyny artdyranok diýmeli bolýarys" diýip, Mary wokzalyndaky hünärmen aýtdy.

Mary welaýatynda şu günki güne çenli şäherara Mary-Ýolöten, Mary-Serhetabat, Mary-Üçajy otlularynyň ýola goýulmazlygynyň sebäbi hem, hünärmeniň tassyklamagyna görä, “býujet serişdelerini tygşytlamak maksady” bilen düşündirilýär.

Lebaply ýaşaýjylar hem ulag, gatnaw meseleleriniň bu golaýda çözüljege meňzemeýändigini aýdýarlar.

Kerki we Türkmenabat aeroportlarynda bilet alyp bilmeýän ýasaýjylar habarçymyza Lebapdaky “awiapetek korrupsiýasynyň” ozallar görlüp-eşidilmedik derejelere ýetendigini aýtdylar.

"Öňler adamlar aeroportda gijesi bilen ýatyp, nobata durup, 15-30 gün öňünden Aşgabada bilet alyp bilýärdiler, indi nobata duran adamlaryň arasynda diňe para berýänlere ýa-da araçy tapanlara bilet satylýar, galanlaryna kassalarda "hiç bir güne bilet ýok, öýüňize gaýdyberiň" diýlen jogap berilýär " diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Ilata gezek gelende ýada düşýän tygşytlylyk...

Sebitdäki ulag krizisi gönüden-göni Aşgabadyň hereketleri we hukuk goraýjy edaralaryň korrupsiýa göz ýummagy esasynda çuňlaşýar diýip, lebaply demirýol emeldary habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen aýtdy.


"Çakyýewiň buýrugy bar, demirýol resmilerine býujet serişdeleriniň bir teňňesi hem artyk sarp edilmesin, tygşytly ulanyň diýilýär. Netijede, ençeme işgäriň iş ornuny gysgaltmaly boldy, kassalarda bilet satuwy resmi bes edildi, biletleri diňe satuw awtomatlaryndan satmak buýruldy, birnäçe stansiýada, meselem, Zerger, Boýnyuzyn, Farap, Kerkiçi, Mukry stansiýalarynda kassirleriň wezipe birligi ýatyrylyp, kassalar ýapylyp, işgärler işden çykaryldy” diýip, ol wokzallardaky tam süpürijileriň iş orunlaryna çenli kemeldilendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar yzygiderli arz edip, Aşgabada gatnaýan otlularyň sanynyň köpeldilmegini, welaýat içinde şäherara Türkmenabat-Kelif, Zerger-Farap, Türkmenabat-Seýdi otlularynyň dikeldilmegini soraýarlar, emma ýokarda olaryň diňlejek ýok.

“Öňler Aşgabada barýan otlular Zerger stansiýasynda hem 5-10 minut durup geçýärdiler, bu welaýat merkeziniň günortasyndaky we ýanaşyk Çärjew, Sakar etraplarynyň ýaşaýjylary üçin gaty amatly bolýardy. Emma, maliýe tygşytlamak maksady bilen, indi Zerger stansiýasynda ýolagçylara hiç hili hyzmat hödürlenmeýär" diýip, lebaply demir ýol emeldary aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ykdysatçy demirýol ulgamynda, beýleki ugurlarda uly bökdençlige öwrülen "maliýe tygşytlamak" meselesini, şol bir wagtda Arkadag şäheri ýaly gurluşyklara serişde ‘gaýgyrylmaýandygyny’ bilmeýän azdyr diýdi.

“Dogrudanam, ulag we aragatnaşyk ugurlarynda berk maliýe tygşytlylygyny talap edýärler. Netijede, uly şowhun bilen açylan aeroportlar, wokzallar, awtomenziller haňlap, boşap ýatyr.”

Şu aralykda, “Biznes Türkmenistan” neşiriniň Ýewraziýa ösüş bankyna (ÝÖB) salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine goýan maýa goýumlarynyň möçberi şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli 5,3 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG