Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahal we Balkan sebitlerinde ilata boş iş orunlary hödürlener


Köçä çykyp, gündelik iş gözleýän adamlar. Arhiw suraty
Köçä çykyp, gündelik iş gözleýän adamlar. Arhiw suraty

Şu ýylyň 14-15-nji awgusty aralygynda Ahalda welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Esenguly şäherinde ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler diýip, “Biznes Türkmenistan” döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, ýaşaýjylar bu çäreleriň dowamynda iş berijiler bilen duşuşyp, boş iş orunlary barada giňişleýin maglumat alyp biler.

Änew şäherindäki boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi 14-nji awgustda şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Esenguly şäherindäki çäre bolsa, 15-nji awgustda, Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň binasynda gurnalar. Çäre sagat 10:00-da başlap, 12:00-da tamamlanar.

Bu çärelere döwlet edaralary, hususy kärhanalar hem-de şahsy telekeçiler gatnaşar, iş gözleýänler şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmeli diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistan ýurtdaky agyr işsizlik baradaky maglumatlary gizlin saklaýar. Ýurtdaky işsizlik, bolan işleriň aýlyk haklarynyň juda az bolmagy, manadyň hümmeti köp Adamy eklenç üçin ýurtdan çykmaga itekleýär diýip, synçylar aýdýar.

XS
SM
MD
LG