Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen güýç edaralary daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylary saklaýar


Aşgabadyň halkara aeroporty (arhiw suraty)
Aşgabadyň halkara aeroporty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň raýatlary dürli ýurtlarda zähmet çekip ýa-da ýokary bilim alyp öz ýurduna dolananda güýç edaralaryň işgärleri tarapyndan saklanýar. MHM-niň ýurda dolanýan raýatlary soraga çekmek tejribesi öňden bäri dowam edýär. Emma soňky wagtda ýurduna baran badyna aeroportda saklanan adamlaryň, ýitirm edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi.

Türkmenistanyň halkara aeroportlarynda şu günler ýolagçy köp bolýar. Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurtlardan gelýän türkmen raýatlaryny olara sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýakynlaryndan başga-da, güýç edaralarynyň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri garşy alýarlar.

Uçardan düşüp, goşlaryny almaga we tizräk öýlerine barmaga howlugýan ýolgaçylaryň ählisine aeroporty erkin terk etmek başartmaýar. Güýç gulluklaryň işgärleri ýolagçylaryň käbirlerini saklap galýar.

"MHM işgärleri her birimiziň el telefonlarymyzy alyp içini dördüler. 'Näme işlediň, nirede ýaşadyň, din wekilleri bilen ylym paýlaşdyňmy? Biziň ýurdumyzyň adyna ysnat getirip, ýamanlaýan guramalar we adamlar bilen gürleşdiňmi we olaryň çykyşlaryny goldaýaňmy? Höwes bildirip, diňleýäňmi we olara goşuldyňmy? Ýene ýurtdan çykmak isleýäňmi? ýaly soraglary berdiler" diýip, türkmenistanly başdan geçiren ýagdaýyny gürrüň berdi.

Aşgabadyň aeroportunda sorag edilen ýene türkmenistanlynyň sözlerine görä, ol hem özüne berlen ähli soraglara 'ýok' diýip, jogap beripdir, onuň telefony barlanyp, içinden hiç zat tapylmasoň, goýberilipdir.

"Meniň daşary ýurtda ulanan el telefonyny zyňyp, täzesini alyp baranym gowy boldy. Menden hiç bir bahana çykmansoň goýberdiler, emma el telefonlaryny täzelemän, diňe içini arassalap gelen adamlaryň, bilmedim nädip, ýöne ähli zatlaryny ýüze çykardylar. Köp adam aeroportdan öýlerine dälde, MHM işgärleri tarapyndan näbelli ýerlere äkidildi" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, kanun goraýjylar daşary ýurtlardan gelýän hossarlaryny garşy almak üçin aeroporta baran adamlary olaryň ýakynlarynyň saklanandygy we munuň sebäpleri barada habarly etmeýärler.

"Käbir ene-ata hatda çagalarynyň Türkmenistana baryp, barmandygyny hem bilmeýär. Saklanandygyny bilip galansoň, olary birnäçe günläp içeri işler müdirliklerinden gözleýärler" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.

Daşary ýurtlardan baryp, öýlerine, maşgalalaryna gowuşmadyk türkmenistanlylar barada maglumatlar sosial ulgamlarda hem peýda bolýar.

Tik-Tok platformasynda çap bolan wideolaryň birinde 63 ýaşly ene Olga Agaýewa Germaniýadan baran oglunyň aeroportda saklanandygyny we şondan bäri ýitirim edilendigini gürrüň berýär. Ene ençeme günläp kanun goraýjy edaralaryna barýandygyny, oňa oglunyň diridigi barada aýdylyp, görkezilmeýändigini aglap gürrüň berýär. Ene Türkmenistanyň prezidentine we Halk maslahatynyň başlygyna ýüzlenip, olara ýazmaça hat hem ýollandygyny aýdyp, öz çagasyny tapmaga kömek soraýar.

Daşary ýurtlardan baryp, aeroportda saklanýan türkmenistanlylaryň näme esasda saýlanýandygy belli däl. Bu barada migrasiýa gullugynyň wekilleri, MHM we aeroportuň işgärleri resmi teswir bermeýärler.

Emma ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soraga çekilýänleriň arasynda pasportlarynyň möhleti tiz wagtda dolýandygy sebäpli dokumentini täzelemek we çalyşmak üçin barýanlar, pasportlarynyň möhleti dolup, gaçgak tutulan we deport edililip gelýänler bar.

Şeýle-de, soraga çekilýänleriň arasynda Türkiýeden barýanlaryň, beýleki döwletlere seredilende köpdügini çeşmeler belleýär.

"Türkiýe döwletinde zähmet çekip işläp ýören adamlar, türk raýatyna durmuşa çykan çagaly gelinlerimiz gelýärler. Soňky wagtda Türkiýäniň polisiýasyna çagyrylyp, soň dessine Türkmenistana ugradylýan raýatlarymyzyň sany hem köpeldi" diýip, kanun goraýjy çeşme aýdýar.

Bu ýagdaý daşary ýurtlarda galýan türkmen raýatlarynyň mümkin boldugyndan ýurduna dolanmajak bolmagyna sebäp bolýar.

"Türkiýe, Russiýa we beýleki döwletlerdäki türkmenistanlylar, gizlenmeli, gaçmaly bolsa-da, hatda şol ýurtlaryň türmelerinde galmaly bolsa-da, yzyna Türkmenistana barmazlygy saýlaýarlar. Sebäbi türkmen tarapy gelenleri MHM işgärleri bilen garşylaýar" diýip, ýaňy-ýakynda Türkmenistana baran ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti migrasiýa problemasyny agzamaýar we kanun goraýjy edaralaryň ilatyň hereket erkinligini çäklendirýän eden-etdilikli hereketlerine resmi düşündiriş bermeýär, emma ilatyň ýurduň daşyna gidip-gelmegine degişli dürli çäklendirmelere ýol berýän düzgünleri girizýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG