'Serhetsiz reportýorlar' Russiýada 'islenilmeýän' guramalaryň sanawyna goşuldy

Russiýanyň Adalat ministrligi hökümete degişli bolmadyk "Serhetsiz reportýorlar" halkara guramasyny ýurtda "islenmeýän" jemgyýetçilik guramalarynyň sanawyna goşdy. Bu edaranyň web sahypasyndaky täzelenen sanawdan görkezilýär.

Baş prokuratura adam hukuklary guramasyny 2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda islenmeýän diýip ykrar etmek kararyna gelipdi. Emma munuň sebäpleri görkezilmändi.

"Serhetsiz reportýorlar" topary 1985-nji ýylda Fransiýada döredildi. Guramanyň maksatlary senzura garşy göreşmekden, söz azatlygyny üpjün etmekden we professional işleri sebäpli tussag edilen erkin žurnalistleri goramakdan ybarat.

2002-nji ýyldan bäri “Serhetsiz habarçylar” her ýyl metbugat azatlygynyň reýtingini çap edýär. Maý aýynyň başynda neşir edilen 2025-nji ýyl boýunça reýtingde Russiýa öňki ýyl bilen deňeşdirilende dokuz orun yza çekildi we 180-den 171-nji orny eýeledi. Bu, reýting ýöredilip başlaly bäri Russiýanyň iň erbet görkezijisi.

Guramanyň islenmeýän hökmünde ykrar edilmegi, onuň Russiýadaky işine gadaganlygy we onuň bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek howpuny aňladýar.