Türkmen metbugaty 11-nji awgustda, şahyr Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralan dabara gabat, uly we kiçi Berdimuhamedowlaryň öz dolandyryşlaryny wasp edýän zenan iberen gutlag hatlaryny çap edip, türkmen edebiýatynyň agyr ýagdaýyna ünsi çekdi diýip, ýerli synçylar we Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Anonimlik şertinde gürleşen intelligentsiýa wekilleriniň köpüsiniň pikirine görä, türkmen edebiýaty häzirki pursatda, megerem, iň kyn we iň möhüm döwürleriniň birini başdan geçirýär.
Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanan dabara ýurt özygtyýarlylygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasyna gabat geldi diýip, Azatlygyň söhbetdeşi 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň özygtyýarlylygy hakynda kabul edilen jarnamany ýatlatdy we, öz sözleri bilen aýtsak, “köşkçi şahyryň” ýubileýi geçen üç ýarym onýyllygyň edebi we medeni durmuşynyň aşagyny çyzýan “simwoliki çyzyk” boldy.
'Şa şahyr, şa ýazyjy, şa filosof' döwrüniň 'boşlugy'
“...geçen 35 ýylyň dowamynda türkmen edebiýaty geçen asyryň 80-nji ýyllaryndaky romantizm, kiçi proza, esseçilik, dramaturgiýa, edebiýatşynaslyk, Üýtgedip gurmak döwründäki sosial we pelsepewi proza, fantastika we detektiw, taryhy proza ýaly žanr köpdürlüliginden 2025-nji ýyldaky ýeke-täk köşk şahyryna, Gözel Şagulyýewanyň we "şa şahyr, şa ýazyjy, şa filosof" Gurbanguly Berdimuhamedowyň "bagtyýarlyk edebi älemine" gelip düşdi” diýip, intellegigentsiýa wekili aýtdy.
Degişli maglumat Prezidentiň kitaby eli ýuka adamlary 'agladýar'Onuň pikiriçe, emele gelen ýagdaýy türkmen ýolbaşçylarynyň özleri hem bilýär we, uly Berdimuhamedowyň diňe bir şahyry we aýdymçyny taryplamagy bialaçlyk bolup, ataly-ogul hökümetiniň 65 ýaşly Jemal Saparowadan we 85 ýaşly Gözel Şagulyýewadan başga ne halypa ýazyjysynyň, ne-de bagşysynyň bardygyny yşarat edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän edebi boşlugy doldurara Şagulyýewadan başga şahyr ýa ýazyjy "ýok diýen ýaly", döwlet mediasynda eserleri çap edilýän Agageldi Allanazarow hem eýýäm 76 ýaşdan aşdy diýip, aşgabatly intelligensiýa wekili pikirini dowam etdirdi.
"...halk barada aýdylanda, elbetde, il içinde ýiti edebi açlyk we erkin söze teşnelik güýçlendi. Türkmen ulanyjylary internet ulgamynda, sosial mediada Magtymgulynyň, Seýdiniň goşgularyny, şeýle-de ýigriminji asyrdaky türkmen edebiýatynyň wekilleriniň, şol sanda, Gurbannazar Ezizowyň, Kerim Gurbannepesowyň ýa-da Kaýum Taňrygulyýewiň şygyrlaryny kän sitirleýärler” diýip, ol hökümetçi blogçylaryň hem köplenç 60-80-nji ýyllarda ýörgünli bolan edebi çekişmelere, aýdyşyklara, şygyrlara salgylanmagga mejbur bolýandyklaryny belledi.
Ol bu ýagdaýyň sebäbini halk köpçüliginiň Berdimuhamedowyň sitatalaryndan ‘bizar bolmagy’, olary sosial mediada, hökümetçi blogçylardan ýene bir gezek diňlemek isleýänleriň asla bolmazlygy bilen düşündirdi.
Şol bir wagtda, il içinde ýiti duýulýan edebi boşlugyň arasynda, Nyýazow döwründe önüp-ösen raýatlar käte mediada Nyýazowyň adyndan çap edilen goşgulary paýlaşýarlar diýip, intelligensiýa wekili aýtdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan magaryf işgäri hem döwletiň ýurtda dörän edebi boşlugy gytaklaýyn boýun alýandygy baradaky pikir bilen ylalaşýar.
Degişli maglumat 'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry"Garaşsyzlyk zamanasynyň edebi boşlugy bilim ministrliginiň wekilleri üçin hem syr däl. ...orta mekdepleriň 5-12-nji synplary üçin çap edilýän edebiýat kitaplarynyň "Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty" bölüminde dolulygyna diňe Berdimuhamedowyň eserleri öwrenilýär, hatda Şagulyýewanyň waspçy eserleri hem diňe agzalýar, mekdep programmasyna girizilmeýär” diýip, maryly edebiýat mugallymy aýtdy.
Durmuş bir ýana, edebiýat başga ýana
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen edebi synçylar soňky 35 ýylda ýurtda edebi tankyt, edebiýatşynaslyk, edebi çekişmeler ýa-da umuman haýsy hem bolsa durmuş reallygyny öz içine alýan edebi žanr barada gürrüň etmegiň kyndygyny aýtdylar.
Olar bu kynçylygy, öz sözleri bilen aýtsak, türkmen häkimiýetleriniň dünýäden, halkdan we durmuş reallyklaryndan doly üzňeleşmegi, bu üzňeligiň türkmen edebiýatynyň gözgyny ýagdaýyny has beterleşdirmegi bilen düşündirýärler.
Ýöne, aşgabatly edebi synçynyň pikirine görä, bu ýerde meseläniň bir ýagty tarapy, yş hem görünýär we bu Şagulyýewa ýaly köşkçi şahyrlaryň ýaşlaryň arasynda bolmazlygy bilen bagly.
“...üzňelik syýasaty iru-giç gutarar, Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy onuň ýene bir 35 ýyllap "köşk şahyrçylygy" bilen meşgullanmagyna kepil geçmeýär, biologik sagatlary hiç kim togtadyp bilenok, Şagulyýewanyň ornuny tutup biljek şeýle propagandaçy köşk şahyry bolsa döräp bilmedi. Bu hem uly bir ähmiýetli fakt. ...Wagt we taryh türkmen režimine garşy işleýär. ...1990-njy ýyllardaky kadrlar, ukyply we nähilem bolsa tankydy pikirli hünärmenler, güýçli ykdysatçylar we diplomatlar bu gün ýok” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen ýazyjylary haçan we nämä büdredi?Onuň pikiriçe, 35 ýyllyk üzňelik we ýapyklyk agyr netijelere alyp geldi we şu sebäpden Serdar Berdimuhamedowyň ýa onuň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň öz syýasy komandasy we egindeşleri ýok, bu döwür "ýaş ýolbaşçylar" üçin hatda "ýaş Şagulyýewany" hem ýetişdirip bilmedi. Bu olary mahabatlandyrjak ýaş "şahyrlaryň hem ýokdugyny görkezýär" diýip, aşgabatly edebi synçy sözüni jemledi.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen medeniýetiniň garaşsyzlyk ýyllaryndaky ykbaly köp babatda türkmen ýazyjylarynyň 1991-nji ýylyp martynda geçirilen iň soňky gurultaýynda kesgitlenenene meňzeýär.
Şol gurultaýda ýazyjylaryň aglaba köplügi Türkmenistanda patyşalygyň döredilmegine çagyrýan ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň Ýazyjylar birleşigine başlyk saýlanmagyna ses berip, iş ýüzünde döwlet senzurasynyň berkidilmegini, metbugat, söz we pikir azatlygynyň basylyp ýatyrylmagyny, gara sanawyň ulaldylmagyny we täze açylan neşirýatlaryň köpçülikleýin ýapylmagyny goldady diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär