Rus düzgünleşdirijileri WhatsApp we Telegram meşhur habarlaşma programmalaryň ulanylmagyny çäklendirmek üçin çäre görüp, ruslary hökümet tarapyndan täze açylan "super programmany" ulanmaga itergi berýärler.
Russiýada internete gözegçilik etmek üçin jogapkär agentlik "Roskomnazdoryň" bu ädimi, ruslaryň onlaýn maglumatlara nädip girýändiklerine gözegçilik etmek üçin häkimiýetleriň köp ýyl bäri edýän tagallasynyň bir bölegidir.
"Roskomnadzor" 13-nji awgustda beren beýanynda Telegram we WhatsApp arkaly edilen telefon jaňlarynyň bölekleýin çäklendiriljekdigini habar berdi we bu ulgamlary "aldamak, talamak we rus raýatlaryny sabotaž hem-de terrorçylyk işlerine çekmek üçin ulanylýan esasy ses hyzmaty" diýip, atlandyrdy.
Bu ädim resmileriň “VKontakte” ady bilen tanalýan sosial media kompaniýasy “VK” tarapyndan döredilen täze "Maks" programmasyny işe girizeninden birnäçe hepde soň ädildi. Aktiwistler "Maksyň" Hytaýyň “WeChat” programmasyna meňzeşdigini aýdýarlar.
Häkimiýetler ençeme ýyl bäri “Facebook” we “Meta” eýeçiligindäki “WhatsApp” -a we rus tehnologiýa öndürijisi Pawel Durow tarapyndan döredilen “Telegram” -a gözegçilik etmegiň usullaryny tapmakda kynçylyk çekýärler.