Owadandepe türmesinde 'ýitirim edilen' ýene bir tussagyň ykbaly barada täze maglumatlar peýda boldy

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dini garaýyşlary bilen baglylylykda tussag edilip, 2018-nji ýylyň fewral aýynda 22 ýyl azatlykdan mahrum edilen ýene bir “wyždan bendisi” barada täze maglumatlar mälim bolýar.

1984-nji ýylda doglan, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan Suwhanberdi Gylyjow 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistanda açylan türkmen-türk mekdepleriniň birinde umumy orta bilim alyp, ýokary hünär okuwyny Aşgabatda 2016-njy ýylyň awgustynda ýapylan Halkara türkmen-türk uniwersitetinde tamamlapdyr. Ol özüniň dini garaýyşlary bilen ilteşikli jenaýatlarda aýyplanyp, türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmezden ozal telekeçilik bilen meşgullanýan ekeni.

'Dini mazmunly eserler delil görkezildi'

“Suwhanberdiniň bary-ýogy 15-20 minut çemesi dowam eden kazyýet diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Ol kazyýetden göni Owadandepe türmesine alnyp gidildi. Oňa garşy guramaçylykly jenaýat toparyny döretmek, raýatlaryň arasynda milli we dini duşmançylygy döretmek ýaly maddalar boýunça günä bildirildi” diýip, kazyýet diňlenişiginden habarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Delil hökmünde onuň ýanyndan tapylan bir topar dini mazmunly kitaplar görkezildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Çeşme Suwhanberdiniň häzirki wagtda türkmen türmesinde ýitirim edilendigine ynanylýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat 'Sakgal gözegçiligi' güýçlendi, Aşgabat daşary ýurt täsirlerinden howatyr edýär - Çeşmeler

Ol yslam dininiň taglymlatlaryny ileri sürýän “Nurçylar” hereketini Türkmenistanda wagyz etmekde aýyplanypdyr, şeýle-de 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-da aradan çykan din ruhanysy Fethullah Gülen tarapyndan Türkiýede esaslandyrylan hereket bilen ilteşikli hasaplanypdyr.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär. Türkmenistanda şeýle jenaýatlardan aýyplanýan adamlar, olara garşy gozgalan işler, umuman, kazyýet diňlenişigi, türkmen kazylary tarapyndan çykarylýan hökümler barada açyk maglumatlar berilmeýär.

“Nurçylar” hereketi 1920-nji ýyllaryň ahyrlarynda Said Nursi tarapyndan Türkiýede esaslandyryldy. Bu gurama 2008-nji ýylda Russiýada gadagan edildi. ABŞ-da aradan çykan din ruhanysy Fethullah Güleniň “Hyzmat” atlandyran meýletinçiler hereketi hem Türkiýede esaslandyryldy.

Öňki wakalar

Ol 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede bolup geçen döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplandy. Munuň yz ýany, Türkiýede we dünýäde türk prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda aýyplanýan adamlara garşy kampaniýalara girişildi.

Gülen özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi we iň soňky demine çenli Birleşen Ştatlaryň Pensilwanýa ştatynda ýaşap, şol ýerde hem wepat boldy.

Mundan ozal, 2017-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda “gülençilikde” aýyplanýan adamlara çykarylan kazyýet kararynyň göçürmesi Azatlyk Radiosyna gelip gowşupdy.

Şonda Türkmenistanda türk dini ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikli hasap edilýän telekeçileriň, mugallymlaryň sud edilip, olara uzak möhletleýin türme tussaglygynyň berlendigi mälim boldy.

Degişli maglumat “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda höküm edilen tussagyň soňky ykbaly barada alada bildirilýär

Şonda kazyýet höküminde ady geçýän 18 adam Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, günäli tapylypdyrlar.

Soňky mälim bolan maglumatlarda Azatlyk Radiosynyň çeşmesi Daşoguz welaýatynda ýedi ýyl ozal tussag edilip, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Suwhanberdi Gylyjowa-da birmeňzeş jenaýatlarda günä bildirilendigini aýdýar.

Mundan ozal, 2018-nji ýylda Forum-18 guramasy Türkmenistanda “Nurçylar” hereketi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, günä bildirilen başga-da birnäçe raýatyň türme tussaglygy barada habar beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawynda saklap gelýär.

'Ol öz hukugyny talap edip bilýärdi'

Suwhanberdi Gylyjowyň kazyýet işinden habarly çeşme onuň merhum ejesiniň we kakasynyň ömürleriniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň basyşlarynyň astynda ýaşandygyny aýdýar.

“Olar, pahyrlar, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutdular, prezidente hat ýazdylar, ahyrsoňy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryna hat ýazdylar. Munuň yz ýany, olara garşy MHM gözegçiligi güýçlendi” diýip, çeşme aýdýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilip tussag edilen bir türkmenistanlynyň Owadandepe türmesinde aradan çykandygyny habar berdi.

Degişli maglumat 'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär

Biraz soň, şol ýylyň sentýabr aýynda olaryň ýene biriniň, öňki mugallym, 23 ýyl azatlykdan mahrum edilen Alişer Muhammetgulyýewiň Owadandepe türmesinde saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy mälim boldy. Bu barada onuň ozalky okuwçysy Azatlyk Radiosyna maglumat iberipdi.

“Suwhanberdi özüne göwni ýetýän, arassa işleýän adamdy. MHM, polisiýa we prokuratura bilen kanunyň dilinde gürleşip bilýän we öz hakyny talap edip, gorap bilýän adamdy” diýip, türkmen türmesinde ýitirim bolan wyždan bendisiniň kazyýet işinden habarly çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy Gylyjowyň ykbaly barada aýdylýan maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden hem-de Içeri işler ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmen türmelerinde ýitirim edilen öňki syýasatçylaryň, hökümet agzalarynyň, öňki ministrleriň, wyždan bendileriniň, aktiwistleriň we beýlekileriň ykbalyna bagyşlanyp “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy hereket edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.