Çet ýerde ýerleşýär, simwoliki we strategiki taýdan möhüm: Tramp – Putin duşuşygynda Alýaska üns merkezinde

  • ABŞ prezidenti Tramp we rus prezidenti Putin 15-nji awgustda Alýaskada duşuşyp, Urainadaky urşy soňlamagy ara alyp maslahatlaşarlar
  • Alýaska özüniň Waşingtondan we Moskwadan deň aradaşlykda ýerleşmegi, Russiýa bilen taryhy arabaglanyşygy, hem-de logistiki we howpsuzlyk artykmaçlyklary sebäpli saýlandy
  • Alýaskanyň çet ýerde ýerleşmegi Putine garşy uly ölçegli demonstrasiýalary geçirmegiň mümkinçiliklerini azaldýar


ABŞ prezidenti Donald Tramp we rus prezidenti Wladimir Putin 15-nji awgustda, bir döwürler hyzmatdaşlygyň, bäsdeşligiň hem çuň simwolizmiň merkezi bolan ýerde, Alýaskada duşuşyp, Ukrainada urşuň soňuna çykmagy maslahat ederler.

Tramp sammitiň geçiriljek ýerini yglan edende Putin bilen arada geçiriljek gepleşikleriň, Ýewropada II Jahan urşundan bäri bolup geçýän iň uly urşy, 45 aý bäri dowam edýän çaknyşygy çözmäge gönükdiriljekdigini we munuň Ukrainanyň hem-de Russiýanyň arasynda territoriýa meseleleri babatynda ylalaşmak arkaly amal ediljekdigini aýtdy.

“Biz käbir [ýerleri] yzyna gaýtaryp bileris, we käbirlerini almaşarys” diýip, Tramp 8-nji awgustda Ak tamda žurnalistlere aýtdy. “Ikisi üçin hem amatly şertlerde territoriýalaryň alyş-çalyş edilmegi bolup geçer” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Moskwa bilen Waşingtondan deň aradaşlykda

Sowuk urşy döwürlerinde geçirilen gepleşiklerde orun alan öňki ABŞ diplomaty Bill Kurtni (Bill Courtney) Alýaskanyň saýlanyp alynmagynda geografiýanyň esasy rol oýnandygyny aýdýar. Bu ştat Waşington bilen Moskwadan tas des-deň aradaşlykda ýerleşýär, şeýle logistiki amatlylyga öňler ABŞ-SSSR sammitleri guramalaşdyrylanda köp isleg bildirilýärdi, ýöne kän bir tapdyryp durmaýardy diýip, ol aýtdy.

“Alýaska, aslynda, Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda ýarty ýola meňzeş mümkinçilikleri hödürleýär” diýip, Kurtni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Putin we Tramp tas deňeçer ýol geçýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Nýu Hewen (New Haven) uniwersitetiniň içerki howpsuzlyk we halkara gatnaşyklar meseleleri boýunça professory Metýu Şmite (Matthew Schmidt) görä, bu sammitiň geçirilýän ýeri Putin üçin, inçe ýöne örän möhüm bir utuk hödürleýär. Rus mediasy, Şmite görä, sammitiň öňler bir döwür rus territoriýasy bolan, ýöne 1867-nji ýylda 7,2 million dollara Birleşen Ştatlara satylan ýerde geçirilmegini magtady.

Alýaska iri döwletleriň territoriýa söwdasynda, ol ýerde ýaşaýan adamlary nazara almazdan, olaryň ýeňil gopuşlaryny simwolizleýär diýip, Şmit aýtdy.

Gözegçilik aňsat

Alýaska Ferbanks uniwersitetiniň Arktika howpsuzlygy boýunça professory Troý Buffarda (Troy Bouffard) görä, beýleki bir möhüm mesele howpsuzlyk bolup durýar. Alýaska 730 müň ýaşaýjysy bilen 50 ABŞ ştatynyň arasynda ilat sany boýunça 48-nji orunda gelýär. Bu bolsa, Birleşen Ştatlaryň beýleki ýerleriniň köpüsi bilen deňeşdirilende howpsuzlyk babatynda amatly bolup durýar.

Seýrek ilaty bolan Alýaskada gözegçiligi ýola goýmak kyn däl.

250 müň ilaty bilen ştatyň iň iri şäheri bolan Ankoridžiň ýokary amatlykly logistikasy bar, sammitiň bu ýerde geçirilmegi mümkin diýip, ol aýtdy. Bu Elmendorf-Riçardson bilelikdäki harby bazasy bilen hem goldanýar, ol ýerde müňlerçe ABŞ harbysy bar.

“Ankoridžde ýollary, köçeleri we binalary petiklemek düýbünden kyn däl” diýip, Buffard aýtdy.

Putin Birleşen Ştatlarda meşhur däl: “Pew” barlag merkeziniň iýunda çap eden pikir soraşygynyň netijeleri amerikanlaryň 84 göteriminiň dünýäniň meselelerine dogry çözgüt tapmakda Kreml liderine az ýa-da doly ynamsyzlyk bildirýär.

Degişli maglumat 'Hiç zada garaşmaň:' Ukrainalylar Tramp – Putin duşuşygynyň getirjek peýdasyna şübheli garaýar

Ýöne üçünji ýurtda sammit geçirmeklik Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan uruş jenaýatlary boýunça Putine garşy aýyplaw taýýarlanmagy bilen çylşyrymlaşdy. Halkara jenaýat kazyýetine agza bolan döwletler – 125 döwlet – eger Putin öz territoriýalaryna aýak bassa, ony tussag etmeli bolýarlar. Birleşen Ştatlar Halkara jenaýat kazyýetine goşulmady.

Putiniň Birleşen Ştatlardaky jemgyýetçilik keşbi “erbet bolar, ýöne, eger-de olar bu sammiti [Waşington] Kolumbiýa okrugynda geçiren bolsadylar, onda ol has-da erbet bolardy” diýip, Buffard aýtdy.

ABŞ paýtagtynda birnäçe sagat aradaşlykda onlarça million amerikan ýaşaýar, Putine we onuň Ukrainadaky urşuna garşy çykýan adamlar Waşingtonda şeýle duşuşygyň geçirilmegine garşy, aňsatlyk bilen, uly ölçegde demonstrasiýalary guramalaşdyryp bilerler.

ABŞ raýatlary Alýaska ştatyna barmak üçin müňlerçe mil ýol söküp Kanadanyň üsti bilen syýahat etmeli bolarlar. Alýaska ugry boýunça içerki howa gatnawlary tutuş Birleşen Ştatlarda iň gymmat gatnawlaryň hatarynda gelýär. Bary-ýogy bir hepde öňünden uçar biletlerini tapmaklyk kyn bolar.

Ýöne şonda-da, Buffard Ankoridžde ýoluň ugrunda protestçileriň ýygnanyşjakdygy, olaryň ukrain baýdagyny ýa-da ukrain baýdagynyň reňkinde plakatlary göterip çykmakçy bolýandyklary barasynda gep-gürrüňleriň bar bolandygyny aýdýar. Kurtni Putiniň şeýle protestleri görmezlik üçin “pile ýaly” oranyp gelmegine garaşýandygyny aýdýar.

Hyzmatdaşlykdan gapma-garşylyga

Alýaska ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynda elmydama-da möhüm orny eýeläp gelýär. Ikinji Jahan urşy döwründe, Alýaska “lend-liz” programmasynda, “karz-kireý” maksatnamasynda möhüm ýer eýeläpdi. Sowet uçarmanlary ABŞ-da ýasalan uçarlary Alýaskadan alyp gidip, Bering bogazynyň üsti bilen olary Russiýa äkidipdiler. Takmynan 8 müň çemesi uçar günbatar Alýaskanyň port şäheri bolan Nomeden rus frontuna eltilipdi.

Şol hyzmatdaşlyk 1945-nji ýyldan soňra öz ornuny gapma-garşylyga aldyrdy. Sowuk urşy döwründe, Alýaska Moskwa garşy gorag galasy hökmünde harbylaşdyryldy, polýar hüjümlerden goranmak üçin ol ýerde radar desgalary, tutup saklaýjylar oturdyldy. Bu günki günde, ol Amerikanyň iň iri häzirki zaman söweş uçarlarynyň hem-de howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň özenini özünde jemleýär.

Degişli maglumat Tramp Russiýa, Ukrainadaky urşuny soňlamasa, 'örän agyr netijeler’ bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurdy

Serişdelere baý Arktika sebitinde, buzlaryň eräp, täze ulag ýollarynyň açylmagy bilen, bäsdeşlik gyzyşýan mahaly, köne dartgynlyklar gaýtadan dolanýar. Alýaskaly bir komandir 2021-nji ýylda Alýaska howa goranyş zolagynyň içinde we golaýynda tutulyp, bellige alnan rus uçarlarynyň sanynyň post-sowet döwürdäki iň ýokary derejesine çykandygyny aýtdy.

Rus uçarlary entegem ABŞ çäklerini synap, ol ýerlerde dowamly uçuşlary amala aşyrmagy dowam etdirýärler, soňky sapar şeýle hadysa, ýylyň dowamynda bäşinji gezek, 22-nji iýulda bolup geçdi. Käbir ABŞ resmileri barha ýygjamlaşýan rus we hytaý harby işjeňligine jogap hökmünde, Alýaskanyň Aleut adalar zynjyrynda Sowuk urşy döwründäki harby desgalaryň gaýtadan dikeldilmegini talap edýärler.

Putin, Trampa täsir etmek tagallalarynyň çäklerinde, Alýaska sebitine Russiýa bilen Birleşen Ştatlary birleşdirýän ýer hökmünde üns çekjek bolup biler. Kremliň ýokary derejeli daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakow Alýaskany iki ýurduň Arktikadaky umumy frontyny şöhlelendirýän “simwoliki ýer” atlandyrdy.

“Russiýa we Birleşen Ştatlar bir-birek bilen araçäkleşýän ýakyn goňşulardyr” diýip, Uşakow wideo beýanatda aýtdy. Bu sammit parahatçylyk babatynda oňyn netije berse-de, bermese-de, Alýaskanyň global üns merkezine çekilmeginde seýrek pursat bolar.